TürkçeEnglishRussian  Arapça  Azerbaycan  Türkmen
  
  
 ATYŞ POLIGONLARY  
 ATYŞ OTAGLARY 
 NYŞANA SISTEMASY 
  
  
  
  
  
  
  
  

   ATYŞ OTAGLARY

 

ATYŞ OTAGLARY


Suratlary ulaltmak üçin çep klawişany basmagyňyzy haýyş edýäris

ATYŞ OTAGLARYNYŇ SPESIALISTLER TARAPYNDAN PROÝEKTIRLENIP AMALA AŞYRYLMAGYNA
ULY ÄHMIÝET BERILÝÄR!

Howpsuzlyk Güýçleriniň we Ýörite Güýçleriň şowly operasiýalar geçirip bilmegi üçin hakyka iň ýakyn şertlerde türgenleşik geçiren bolmagy gerek.  Şeýle bir türgenleşigiň geçirilip biljek iň maksada laýyk ýer bolsa ‘ATYŞ OTAGY’ diýilýän otly ýaraglaryň türgenleşik desgalarydyr. Dünýäniň ilkinji ýazlňyşrdaky ülkeleri operasiýa türgenleşikleri üçin ulanýan Atyş Otaglary ýokary derejede howpsuzdyr. 

Şahsy Türgenleşik, Topar Türgenleşigi, Taktiki Türgenleşikler, Ugur Tapmak, Binalara Hüjüm, Meýdança Arassalamak, Girew Çykarmak, Koridor Boşaltmak, Howpuň Öňüni Almak we Otly Ýaraglar bilen Howpy Ýok Etmek ýaly her dürli görnüşdäki türgenleşik atyş otaglarynda geçirilip bilinýär. Taktiki Syzyş Tehnikalary, gapy döwmek üçin çekiç ulanylmagy, gözýaş we şoňa meňzeş gazlaryň ulanylmagy, partlaýyjy maddalaryň ulanylmagy we pompaly tüpeň ulanylmagy atyş otaglarynda howpsuz halatda amala aşyrylýar. 

Gizleniş tehnikalaryny ösdürmek, koridorlarda sessiz we tiz hereket etmek ukuplylygyny aşyrmak ýaly işler kişiniň özini goraýyş ukubyny köpeldiýär we kyn şertlerde diri galmagyny üpjün edýär.  Atyş otaglarynda geçirilýän türgenleşiklere seretmek we ýazyp almak üçin otagyň içinde kameralar bardyr.  Şu arkaly türgenleşik döwri kontrol merkezinden bir wagtly bolup seredilip bilinýär we soňra ýazylanlar bilen tanyşylyp jikme-jik analiz we baha berişler amala aşyrylyp bilinýär.  Şeýlelik bilen kamera monitor sistemasy arkaly türgenleşikleri uzakdan durup dolandyrmak mümkin bolýar.

Hakyka meňzeş türgenleşikler wezipe döwründe peýda bolup biljek adatdan daşary şertler garşysynda iň gowy halatda taýýar bolmagy üpjün edýär.  Adatdan daşary şertlere garşy türgenleşik geçiren kişi howsala düşmezden şowly halatda wezipesini ýerine ýetirmek üçin iň gowy hereketi edýär we ömürleriniň gurtarylmagyna kömekçi bolýar. Tapawut otly ýaraglar bilen geçirilýän türgenleşikler ulanyjylaryň üstindäki gaýgynyň azalmagyny üpjün edýär, şu arkaly ulanyjy operasiýa görä ýarag saýlamagy öwrenýär we howsalany ýok edýär. 

Ýakyn çaknyşyk we hüjüm türgenleşikleriniň hakyka meňzeş şertlerde, hakyky otly ýaraglar bilen geçirilmegine mümkinçilik berýän atyş otaglary; ýörite göz öňünde tutulýan material bilen örtülen sowutly diwarlara, pola we potologa eýedir.  Taktiki topar türgenleşikleri, koridor boşaltmak, hüjüm we ýakyn çaknyşyk türgenleşikleri howpsuz halatda atyş otaglarynda geçirilip bilinýär.  Atyş otaglarynda türgenleşiklerini tamamlaýan kişiler operasiýalar üçin iň gowy halatda özini taýýarlan bolýar.  Türgenleşik arkaly kişiniň özine bolan ynamy köpelýär we ýazlňyş riski azalýar.  Şeýlelik bilen operasiýa gatnaşan kişiniň iň ýokary ölçegde ömrüni goraýyş şansy bolýar.  Atyş otaglarynyň arhitektura düzümi, dizaýny, gapylary, otaglary we koridorlary iň hakyka meňzeş şertleri üpjün etmek üçin hakykylaryna ekwiwalent görnüşde we ölçeglerde taslanýar we öndürilýär.

 

Site Creation by MEDIALINE Creative Works